SPORT

Mbappe “Real Madridde” ilkinji kubogyny gazandy

Şu  ýylyň tomsunda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzümine goşulan Kilian Mbappe bu topar bilen ilkinji kubogyny gazandy. Düýn Polşanyň paýtagty Warşawa şäheriniň 60 müň orunlyk stadionynda UEFA-nyň Superkubogy almak ugrundaky duşuşyk geçirildi.

Onda geçen möwsümiň Çempionlar ligasynyň çempiony “Real Madrid” bilen Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanan Italiýanyň “Atalanta” topary duşuşdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda ispan toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Kilian Mbappe we Federiko Walwerdeniň geçiren gollary bilen ýeňiş gazanan “Real Madrid” topary 6-njy gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy. Şeýlelikde, bu kubogy ozal 5 gezek gazanan Ispaniýanyň “Barselona” we Italiýanyň “Milan” toparlaryndan öňe saýlandy.

“Real Madrid” toparynyň italýan tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa, bu topar bilen 14-nji kubogyny gazandy.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler