SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmyn mama keseli 70 ýurtda ýüze çykdy

Tutuş dünýäde 70-den gowrak ýurtda 14 müňe golaý maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesus metbugat ýygnagynda mälim etdi.

– Maýmyn mama keseli barada aýdylanda, BSGG 70-den gowrak ýurtda 14 müňe golaý wirus wakasy hasaba alnandygy bellenildi. Häzirki wagtda bu keselden 5 adam ýogaldy we olaryň ählisi Afrikada yklymyndandyr – diýip, Gebreýesus belledi.

BSGG-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Ýewropa sebitinde ep-esli maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu keseliň agramly bölegi erkeklerde duş gelýändigini belläp geçdi.

Gebreýesusyň bellemegine görä, 21-nji iýulda BSSG-niň Halkara lukmançylyk-sanitar kadalary boýunça adatdan daşary komitetiň ýygnagy geçirilip, şol ýygnakda maýmyn mama keseli babatda adatdan daşary ýagdaýlaryň göz öňünde tutulyp-tutulmajakdygy barada degişli çözgütler kabul ediler.

Maýmyn mama keseli – seýrek duş gelýän wirus ýokanjydyr. Esasan hem, ol Afrika yklymynda ýüze çykýar. Keseliň alamatlaryna gyzzyrma, myşsa agyrylary, sowuklama, limfa düwünleri çişmek ýaly alamatlar degişlidir. Adamlaryň köpüsi birnäçe hepdäniň içinde sagalýarlar, ýöne käbirleri kynçylyklara duçar bolup bilerler.

 

Premýer-ministr kim bolar: Sunakmy ýa-da Trass

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär