MEDENIÝET

Maýkl Jeksonyň meşhur deri keltekçesi satyldy

Maýkl Jeksonyň deri keltekçesi Londondaky “Propstore” auksionynda 306 müň dollara satyldy. Aýdymçy 1984-nji ýyllarda gazly içginiň mahabatynda surata düşüpdir. Keltekçe bilen birlikde, XX asyryň beýleki meşhur aýdymçylarynyň we sazandalarynyň birnäçe zatlary auksiona çykaryldy.

Şol döwürde “Triller” albomy bilen has-da meşhurlyk gazanan Maýkl Jeksonyň bu mahabat ýazgysy hem uly gyzyklanma döredipdi. Şol mahabat ýazgysynda Jeksonyň saçlary ýanyp, ol çynlakaý derejede ýaralanypdy.

Umuman, dünýä belli aýdymçy Maýkl Jeksona degişli ýadygärlik zatlaryň satuwy uly gyzyklanma döredýär we ol auksionlarda gymmat bahadna satylýar. 1983-nji ýylda Maýkl Jeksonyň geýen şlýapasy geçen ýyl Pariždäki auksionda 97 müň dollara satylypdy.

Related posts

“Dur bakaly” multfilminiň döredijisi aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

“Gildiýa” baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi