MEDENIÝET

«Türkmenfilm» birleşigi täze multfilmini hödürleýär

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin täze 3D multfilmini taýýarlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda bellenilip geçilýär.

4 ýaşdan uly çagalara niýetlenen bu multiplikasion film «Mämmetjanyň başdan geçirmeleriniň» dowamydyr. Onuň beýan edilişine görä, Mämmetjan ýiten bir pökgüni tapýar we onuň eýesini tapjak bolup, dürli ýagdaýa düşýär… Nähili ýagdaýa düşýänini bolsa özüňiz görersiňiz.

– Multfilm Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar hem-de olaryň göwünlerine ýarar diýen umytda – diýip, multiplikasion filmiň režissýory Röwşen Welmiýew aýdýar.

Multfilme hazirki günler hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň saýtynda tomaşa edip bilersiňiz:  Baýram bosagasynda bolsa ol multfilm milli telewideniýe boýunça görkeziler.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy