TEHNOLOGIÝA

Mask robotlaşdyrylan taksi hyzmatyny ýola goýýar

Amerikan tehnologiýa magnaty Ilon Mask Ostin şäherinde sürüjisiz robotlaşdyrylan taksileriň işe girizilendigini habar berdi. Emeli aň bilen dolandyrylýan awtoulaglar Tehas ştatynyň paýtagtynyň köçelerine 22-nji iýunda çykandygy habar berildi. Mundan ozal Mask robotaksileriň önümçiliginiň diňe 2026-njy ýylda başlanjakdygyny aýdypdy.

Sürüjisiz robotaksi — Ilon Maskyň eýeçiligindäki “Tesla” kompaniýasynyň işläp düzen tehnologiýasydyr. “Tesla” elektrik awtoulaglaryny, zarýad batareýalaryny we Gün panellerini öndürýär. “Robotlaşdyrylan taksiler Ostinde işe başlaýar. Müşderiler üçin hemişelik ýolagçy tölegi 4 dollar 2 sent bolar!” diýip, Ilon Mask sosial ulgamda habar berdi.

Ýollara takmynan 10 sany awtoulag çykarylar. Taslama üstünlikli bolsa, awtoulaglaryň sany müňlerçe çenli artdyrylar.

Robotaksiniň sürüjisi ýok, emma ýolagçy oturgyjynda ulgamyň işine gözegçilik edýän operator ýerleşýär. Ugur howpsuz we kyn ýerlerden gaça durmak üçin düzüler. Eger-de awtoulag şeýle ýerden geçmeli bolsa, hereket berk gözegçilikde saklanar. Mesele ýüze çyksa, dolandyryş operator tarapyndan ýerine ýetiriler.

Robotaksiniň synaglary aprel aýynda başlandy. Şonda hyzmat diňe “Tesla” işgärleri üçin elýeterli bolupdy. Robotaksi Ostin we San-Fransiskoda işe girizildi. Synag saparlarynda awtoulagda operator bolupdyr. Ulagy çagyrmak we gapylary açmak üçin ýörite programma gerek. Synag döwründe robotaksiler 1,5 müňden gowrak sapar geçirip, 24 müň kilometre golaý ýol geçipdi.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi