BILIM

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde täze 17-nji çagalar bakja-bagy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Iki gatdan ybarat bu binanyň açylyş dabarasyna etrabyň ýaşaýjylary, bilim işgärleri, Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar körpeler gatnaşdylar.

Bu çagalar bakja-bagyny Mary welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bally» hojalyk jemgyýeti bellenilen möhletinde, ýokary hil derejesinde bina etdi.

Çagalar bagynyň okuw hem ýatylýan otaglary körpeleriň ilkinji ýazuw we okuw endiklerini öwrenmekleri, rahat dynç almaklary üçin birkemsiz enjamlaşdyrylypdyr. Lingafon, kompýuter, daşary ýurt dilleri we beýleki otaglar sanly serişdelere daýanýan enjamlar bilen üpjün edilipdir. Körpeler bu ýerde daşary ýurt dillerini öwrenerler, sanly ulgam, kompýuter tehnologiýasy boýunça ilkinji endikleri ele alarlar.

Çagalar bakja-bagyndaky bedenterbiýe otagy, ýapyk howuz körpeleriň sagdyn bolmagyna ýardam berer. Binanyň ýanaşyk ýerinde çagalar bakja hem bag toparlary üçin 16 sany oýun meýdançasy gurlup, olar körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä, dürli oýnawaçlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Munuň özi çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmegine hemaýat berer. Iki gektar meýdany tutýan binanyň daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylyp, dürli bag nahallary oturdylypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Russiýanyň bilim hyzmatdaşlygynyň ýol kartasyna gol çekildi

Türkmenistanly okuwçy Kaliforniýada klub Prezidentligine täzeden saýlandy

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty “Times Higher Education” reýtingine goşuldy

Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý Ylym we tehnologiýalar uniwersiteti arasynda ähtnama gol çekildi