SPORT

“Mançester Siti” – Liganyň kubogyny gazandy

Angliýanyň Ligasynyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. 2020-2021-nji möwsümiň finalynda “Mançester Siti” bilen “Tottenhem” toparlary duşuşdy.

Duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” topary yzly-yzyna bu kubogy eýelemegi başardy.

Paýtagt London şäherindäki “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşyk täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli 8 müň janköýeriň gatnaşmagynda geçirildi. Häzirki wagtda ýurtda çempionatyň öňdebaryjysy “Mançester Siti” topary dünýä belli tälimçi Jože Mourinýonyň wezipesinden boşadylan “Tottenhem” toparyny ýeňmegi başardy.

“Mançester Siti” topary duşuşygyň 82-nji minutynda Aýmerik Laportanyň geçiren goly bilen arzyly kubogy eýelemegi başardy.

“Mançester Siti” topary 9-njy gezek bu kubok ýaryşynda çykyş edip, 8-nji gezek bu kubogy gazanmagy başardy. Şeýle hem bu topar yzly-yzyna 4 gezek bu kubogy eýelän ilkinji topardyr.

Toparyň tälimçisi Hose Gwardiola tälimçilik durmuşyndaky 30-njy kubogyny gazandy. Ol “Mançester Siti” topary bilen 9 kubogy, “Barselona” topary bilen 14 kubogy we “Bawariýa” topary bilen 7 kubogy gazandy.

 

“Dinamo Kiýew” – Ukrainanyň çempiony

Ýene-de okaň

14-nji oktýabrda Türkmenistan Şri-Lankany kabul eder

Müsür dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lanka bilen duşuşar

Ronaldo taryhdaky ilkinji milliarder futbolcy boldy

Türkmenistana GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda ilkinji medaly boksçy Hangeldi Lukmanow getirdi

“Kaýrat” toparynyň derwezeçisine ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy