BILIM

Maldarçylyk barada täze okuw gollanmasy çapdan çykdy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Kitap oba hojalygy ugrundan ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde maldarçylyk hünäri boýunça okaýan talyplar, şol hünär boýunça okadýan mugallymlar we bu ugurda işleýän hünärmenler, ylmy işgärler, oba hojalykçylar we fermerler üçin niýetlenendir.

Okuw kitabynyň awtorlarynyň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň baýry mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Çary Hanazarowdyr. Ol bu okuw gollanmasynyň ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmekde, onuň işini ylmy esasda we döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde, maldarçylyk ugrundan bilim alýan talyplaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belleýär.

 

“Mollagara” şypahanasy

 

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy