“Makul Sözlük” eýýäm ikinji gezek ýylyň “makul sözüni” saýlaýar. Ýadyňyzda bolsa, 2024-nji ýylda okyjylarymyzdan gelen teklipler hasaba alnyp, ýylyň “makul sözi” hökmünde “Umyt” sözi saýlanyp alnypdy. Ýakynda bu barada täzeden bäsleşik yglan etdik we ilkinji bolup teklip eden okyjymyza 1000 manat pul baýragyny berjekdigimizi mälim etdik.
“Salam” adyndaky “TikTok” okyjymyzyň teklibi döredijilik toparymyz tarapyndan saýlanyp alyndy we tamamlanyp barýan 2025-njy ýylyň soňky günlerinde “Makul” sözi hökmünde “Yhlas” sözüniň saýlanyp alnandygyny mälim edýäris.
Eýsem, “Yhlas” näme diýmek? Geliň, ilki sözlüklere ýüzleneýliň.
2015-nji ýylda neşir edilen türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde yhlas we yhlas sözi bilen baglanyşykly sözlere şeýle düşündiriş berilýär:
YHLAS [yhla:s], at. Birine ýa-da bir işe bolan janypkeşlik, höwes, ak ýürek bilen garaýyş.
YHLASLY [yhla:sly], syp. Birine ýa-da bir işe tüýs ýürekden ýapyşýan, işini janypkeşlik bilen ýerine ýetirýän.
Yhlasly işlemek. Okuwyňa yhlasly ýapyşmak. Yhlasly adam.
YHLASLYLYK [yhla:slylyk], at. Yhlasy barlyk, yhlasly bolmaklyk.
Işde yhlaslylyk öňe ýöredýär (A. Salyh).
Gadymy türkmen dili sözlüginde bolsa yhlas şeýle düşündirilýär:
yhlas I [yhla:s اِخْلاص، اخلاص] wepalylyk, yhlas etmek, dogruçyllyk:
Hak ýolunda töwekkül-u yhlas (KB, 480–13).
Yhlas we ygtykad ýüzünden maňa ähd kylyb… (SB, 127a–32).
Ol yhlas we ygtykad ýüzünden il boldy (SB, 127a–33).
Yhlasyňny bilip ýiberdim kasyd (BD, 74b–5).
<> kem yhlas – sowuk-sala, yhlassyz:
Ne bilsün nary-fyrkatdan kişi ki, kem yhlas eýlär (ND, 39b–18).
Yhlas II [yhla:s اخلاص] yhlas, Gurhanyň bir süresiniň ady:
Süreýi-Yhlasy saýd et, zatyň esbat eýle war (ND, 13a–15).
Makul Sözlükde “Yhlas” söziniň iňlis dilindäki garşylygy hökmünde sincerity berilýär. Käbir beýleki Iňlis sözleriň türkmençe wersiýasy berlen mahalynda-da yhlas sözi görkezilse-de, sincerity sözi has ýakyn many berýär.
1961-nji ýylda neşir edilen, 2662 sahypaly Webster’s Third New International Dictionary sözlüginde sin·cer·i·ty sözi boýunça şeýle düşündiriş berilýär:
sin·cer·i·ty \sən-ˈser-ə-tē, ˈsin-, -ˈsir-ˌtē\ n -ties
[ME sincerité, fr. sinceritas, fr. sincerus sincere + -itat-, -itas]
1 : the quality or state of being sincere (the passionate ~ of artists and other intellectuals may still be warped by wishful preferences — H. J. Muller)
2 a : a sincere feeling (grounded not on garnitures and semblances but on realities and sincerities — Thomas Carlyle)
b : an expression of a sincere feeling (his voice altered and ceased to sing its pleasantly tuned sincerities — Nancy Keesing)
Ýagny, gysgaça aýdanyňda, bu söz ýürekden çykýan duýgy manysyna gelýär. Türkmen dilinde: “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýen pähimli sözüň bardygyny hem unutmalyň. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Yhlas sözi Gurhanyň aýatlarynyň biriniň adydyr we köpümiz bu aýaty ýatdan bilýäris.
Eýsem, biz näme üçin Yhlas sözüni saýlap aldyk? Biziň pikirimizçe, haýsy işiň başyny tutsaň-da, yhlas bilen, arassa ýürek bilen ýapyşsaň, başarylmajak iş ýokdur. Yhlas öz içine ynamy, umydy, sabry, zähmeti we şükri hem alýan giň manyly düşünje diýip hasaplaýarys.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň “Makul” sözi hökmünde “Umyt” sözüni saýlap alypdyk. Durmuşda umyt bolmasa, aslynda ynsanyň hiç zat etesi gelmez. Şonuň üçin hem, esasan ýaşlaryň durmuşa we geljege umytly bolmagy iň wajyp meseleleriň biridir. Elbetde, bu ýerde gürrüň içi boş, hyýaly umytlar barada däl-de, aktiw umyt, ýagny durmuşa geçirip bolýan umyt barada barýar.
Ine, şeýle umytly ýaşlaryň öz tutan maksadyna yhlasly ýapyşmagy hem örän wajypdyr . Hakyky ynam esasynda dörän umydyň netijesinde, geljegini meýilleşdiren ýaşlarymyz öz işine yhlas bilen ýapyşar, bu ýolda aktiw we akylly zähmet çeker, garşylaşýan ähli kynçylyklary aktiw sabr bilen ýeňip geçer we netijede üstünlik gazananda şükür eder.
Eden işine yhlas bilen ýapyşýan, tamakinlikden uzak, üstünlik basgançaklaryna başgalaryny ezip ýa-da gözüne sokup, däl-de,aktiw zähmeti we hakyky ak ýürek bilen ýetýän ýaşlarymyzyň sany köp bolsun!
Täze ýylyňyz gutly bolsun!
2026-njy ýylyňyz we geljek ähli ýyllaryňyz ynamly, umytly, sabrly, bereketli, yhlasly we şükürli ýyllar bolsun! Ata Watanymyz abat bolsun!
Bellik:
“Salam” adyndaky “TikTok” okyjymyzyň 1000 manatlyk pul baýragyny almak üçin, öň bu baradaky bildirişimizde hem belläp geçişimiz ýaly, “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň Aşgabat şäherindäki ofisine gelmegi we baýragy alandygy barada wideo düşürmäge razylyk bermegi zerurdyr. Şeýle hem häzirki wagtda bize “Salam” atly okyjynyň şahsyýeti mälim däl. Eger ol meniň ýa-da haýsydyr bir işgärimiziň ýakyn garyndaşy bolup çykan ýagdaýynda, ýa-da ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly wideo düşürmäge razylyk bildirmedik ýagdaýynda, baýrak “Yhlas” sözüni teklip eden ikinji okyjymyza berler. Baýrak almaga gelen okyjynyň ofisimizde öz “TikTok” hasabyna girip görkezmegi hökmany şertdir.
