JEMGYÝET

Krossword Soraglary :Sowgatly “Makul Paýhas” Bäsleşigi

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi “Makul Paýhas” atly krossword bäsleşigini yglan edýär. Krosworduň soraglaryny bu habar bilen Size ýetirýäris.  Krosswordy ilkinji bolup dogry we doly çözen 20 gatnaşyjynyň ady we jogaplary hem “atavatan-turkmenistan.com” internet saýtymyza ýerleşdiriler. Şol sebäpli ilkinji 20 dogry we doly jogap gelenden soňra, emma her ýagdaýda 6 Aprel 2020 senesinden öň dogry jogap iberen gatnaşyjylaryň ilkinjiligi yglan ediler.

Krosswordy ilkinji bolup dogry çözen okyjymyza “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan “QCY TWS Smart Earbuds” kabelsiz gulaklyk (nauşnik) sowgat berler. Şeýle hem ýene-de 5 okyjymyza höweslendiriji baýraklar garaşýar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar krossworduň jogaplaryny elektron görnüşde “word” formatda “makulpayhas@gmail.com” salgysyna iberip bilerler. Ýokarda agzalan saýta ilkinji bolup, krossworduň doly jogabyny iberen okyjy ýeňiji diýlip yglan edilýär. Sizden elektron poçta arkaly gelen jogaplar “makulpayhas@gmail.com” salgysyndaky wagta (sagat, minut, sekunt) görä deňeşdirilip, kesgitlener.

Krossworduň jogaplaryny word formatynda mysal üçin Dikligine: 1. Makul, 2. Futbol. Keseligine: 1. Bitarap, 2.Aşgabat. Gytaklaýyn: 1. Magtymguly, 2. Nokia ş.m görnüşde iberilmelidir.

Krosswordy ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda özüniň krosswordlary bilen yzygiderli çykyş edip gelýän ýaş talyp ýigidimiz Baýgeldi ÇARYÝEW taýynlady.

“Makul Payhas ” Krosswordynyň Soraglary bizden, jogaplary Sizden!

Bellik: Bu habar saýtymyza 31.03.2020 senesinde ýerleşdirilde, emma, soraglar, 03.04.2020 senesinde sagat 14:58-de bu habara girizildi.

 

Soraglar :

DIKLIGINE: 1. Çagasy bary-ýogy 3 sm bolup dünýä inýän haýwan. 2. A.Makedonskiniň aty. 4. “Petrogradyň goralyşy” suratyny çeken ozalky SSSR-iň suratkeşi. 5. Elektronika enjamlaryny öndürýän kompaniýa. 6. Agyr atletika boýunça rekordsmen Altymyrat Orazdurdyýewiň agasynyň ady. 7. “Seul” sözüniň koreý dilinden terjimesi. 8. Napaleonyň aty. 9. Rus döwletiniň ilkinji paýtagt şäheri. 10. Çagalar baýragy bolan Gulbabanyň familiýasy. 12. Rubidiý himiki elementiniň gysgaça belgilenilişi. 16. Sürüniň başyny çekýän jaňly teke maly. 19. Gökdepe etrabynda bir oba. 20. Tüpeňde ok atmak boýunça 200-den gowrak medalyň eýesi, türkmen türgeni Maratyň familiýasy. 21. “… başga, höwes başga” (Nakyl). 22. Zagara balyklar maşgalasyna degişli ýasy bedenli süýji balyk. 24. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitabynda gürrüň edilýän meşhur seýisçi … Annaýew. 25. Indoneziýanyň paýtagty. 26. “Hakykaty aýtmakdan…” (Mustafa Kemal Atatürk”). 28. “Barselona” futbol toparynyň gysgaça belgilenişi. 29. “… ýoldaş ýok, bir ýeke özi, käte yza garap, alardýar gözi” (A.Kekilow). 30. Türk teleýaýlymlarynyň biri. 32. “Ynamyň tragediýasy” pýessalar toplumynyň awtory (Fransuz ýazyjysy). 33. Arap ýazuwynda “PENJAP” sözündäki “P” harpynyň manysy. 34. Belli milliarder Jek … 37. Bangladeşiň pul birligi. 39. Özbegistanyň pul birligi.

KESELIGINE: 3. Dünýä belli kompaniýalarynyň biri. 13. “Mert ogludyr, ile ýazar desterhan, … söz üstünde berer şirin jan” (Magtymguly). 14. Natriý elementiniň gysgaça belgilenilişi. 17. Dogry, çyn. 18. Germaniýada öndürilýän awtoulaglaryň biri. 23. Dünýä boýunça zenanlaryň arasynda ilkinji baş redaktor. 27. Albaniýanyň pul birligi. 28. Gýotäniň dünýä belli eseri. 35. Aşgabadyň Döwlet drama teatrynda 1994-nji ýylda görkezilen taryhy spektakl. 36. Belli koreý aýdym-tans topary. 38. Günorta-günbatar Aziýada bir döwlet. 40. Ýüpek gurçugynyň ýapragyny iýen tut çybyklary.

GYTAKLAÝYN: 1. Eşitmekden mahrum bolan adam. 2. Fizikanyň ösmegine goşant goşan daniýaly alym Nils… 11. Halkara guramalaryň biri. 15. Iýmit çeýneýän iri we ýasy diş. 25. Arap elipbiýiniň altynjy harpynyň ady. 26. Öýjükli aragatnaşyk signalynyň bir görnüşi. 31. Dünýä döwletleriniň gerbinde iň köp şekillendirilýän haýwan.

Hormatly okyjy,

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli   “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa diňe Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşyp bilýärler. Bäsleşikde ilkinji 15-lige giren eserleriň awtorlaryna jemi 10.500 Türk lirasy möçberinde pul baýraklary berilýär. Bäsleşik barada habary giňişleýin okamak üçin bu setirleriň üstüne basmagyňyz ýeterlikdir. Türkiýede okaýan talyp tanyşlaryňyza bu habary ýetirip, olaryň wagtlaryny netijeli geçirmegine  we pul baýrakly orunlary gazanmagyna goşant goşup bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy

ALSA tarapyndan guramaçylykly geçirilen çäre: LL.M. karýerleri we J.D. geçiş paneli uly gyzyklanma döretdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri