JEMGYÝET

Maksat: 620 müň gektardan 1 million 250 müň tonna «ak altyn»

Türkmenistanda şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

– ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2021-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

– gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

– Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek;

– Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen üpjün etmek;

– “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri