JEMGYÝETTESWIRLER

Maksadaokgunly Esetler kimler

Esediň (Ýolbars 23.07—23.08) özüne bolan ynamy juda ýokary. Halaýan reňki — altyn. Üstünlik getirýän daşy — Hakyk. Sary gülleri halaýar. Ýolbarslar ynamly hereket edip, öňünde goýan maksadyna ýetmäge çalyşýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar üstünlige ymtylýarlar. Güýçli, duýgur ýolbarslar kähalatlarda duýgularynyň täsiri astynda hereket edýärler. Islendik işde ynamly hereket edýän esetler maksadaokgunlylygy bilen tapawutlanýarlar. Owadan durmuşy halaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar kynçylyklardan aňsatlyk bilen baş alyp çykmagy başarýarlar.

Esetler — guramaçy. Olar elmydama ähli işlerde öňbaşçy bolmak isleýärler. Olaryň guramaçylyk işlerine ökde bolmaklary islendik başlanan işlerinde ýardam berýär. Işdeşleriniň arasynda uly abraýa eýe bolan ýolbarslar, köpçülige çykyp, sahnada çykyş etmekligi ökdelik bilen başarýarlar.  Şol sanda ruhubelent we sagdyn eset sport bilen meşgullansa hem uly üstünlikleri gazanyp biler.

Daşky gözellik, dürli ukyp-başanyklar, akyl-paýhas — esedi bezeýän häsiýetlerdir. Eset söýmän, söýülmän ýaşap bilmez. Ol söýgüsini we maşgalasyna wepaly. Çagalaryny hem söýýär  hem lälik saklaýar. Özüne garaşylmagyny halaýar.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

 Bu ýyldyzyň astynda doglanlar tankydy bellikleri kabul edip bilenoklar. Özüne buýsanýan esetler köplenç diňe özüniň haýryna hereket edýärler. Erkin durmuşy we şertleri halaýarlar. Çala zada gaty görýän esetler juda gabanjaňdyrlar. Gödek hereketleri köp gabat gelýär. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar täzeliklere, täze gatnaşyklara we dostlara mätäç. Özüne ynamly eset, ýakynlaryny elmydama goraýarlar, olara ýardam berýärler. Bir başlan işini soňuna çenli ýerine ýetirer. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar öz käriniň ussady bolmak isleýärler.

Zenan esetler ajaýyp öý hojalykçylarydyr. Şeýle-de olar myhmansöýerligi bilen tapawutlanýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ilki bilen özüni söýýärler.

 Söýgüde

 Eset biwepalygy  bagyşlamaýar. Ol birden aşyk bolaýsa, töweregindäki ähli zatlary unudýar, bar ünsüni söýenine berýär. Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar bilen ýatdan çykmajak pursatlar juda köp bolar. Muňa garamazdan öz söýgülisinden, ýanýoldaşyndan talaby güýçlidir. Olar seretanlar, balyklar, guzylar bilen durmuş gursalar, bagtly bolarlar. Emma ekizekler we sünbüle bilen durmuş gurmak maslahat berilmeýär. Esetler söýgüde özlerini başgalar bilen deňeşdirilse halamaýarlar. Ol söýen ýaryna wepalydyr.

 Saglygy

 Ýaşaýşa höwesli, hereketli we gan gyzma ýolbarslaryň saglygynda iň gowşak ýeri ýüregidir. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ýürek bilen bagly keselleriň we oňurga agyrylarynyň öňüni almak üçin ilki bilen nerw ulgamynyň rahatlygyna üns bermelidirler. Ýüregine agram salmaly däldir. Esetler  gündelik iýmitine, dynç alyş aralyklarynyň kadaly ýerine ýetirilişine üns bermelidirler. Ýagly iýmitlerden, aşa köp süýjülik iýmekden daşda bolmalydyrlar. Esetlere dürli dermanlyk otlaryndan ýasalan çaýlary içmek maslahat berilýär.

Şeýle-de esetler ýüregine agram salman sport bilen meşgullansa hem beden sagdynlygy üçin peýdaly bolar.

 Halaýan ýurtlary

 Fransiýa, Italiýa, Kaliforniýa, Şweýsariýa, Germaniýa, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa.

Meşhur esetler

 Selena Gomez, Jennifer Lopez, Zara, Jaklin Kennedi, Şarliz Teron, Nýuşa, Madonna, Koko Şanel, Deniel Redkliff, Mik Jagger, Kewin Speýsi, Stenli Kubrik, Jan Reno, Arnold Şwarsenneger, Leonid Ýakubowiç, Lui Armstrong, Dastin Hofman, Antonio Banderas, Fidel Kastro, Timati, Napolýon, Barak Obama, Bil Klinton.

Täleýnama barada habarymyzy okamak üçin gök ýazylan ýere giriň!

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi