DÜNÝÄ

Makron: Fransiýa bilen Wýetnam €9 milliardlyk şertnama baglaşdy

Fransiýa bilen Wýetnam jemi bahasy €9 milliard bolan şertnamalary baglaşdy. Bu barada Sosialistik Respublika döwlet saparyny amala aşyran Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron žurnalistlere habar berdi.

“Bu saparyň çäklerinde €9 milliardlyk şertnamalar gol çekildi” diýip, Makron aýtdy. Onuň çykyşynyň wideoýazgysy Ýelisey köşgüniň “X” jemgyýetçilik torunyň sahypasynda görkezildi.

– Şertnamalar howa ulaglary we demir ýol pudaklary bilen bir hatarda, ähli esasy ugurlar boýunça baglaşyldy. Bu şertnamalar goranyş, awiasiýa we energetika ýaly ugurlarda iki döwletiň arasyndaky berk gatnaşyklaryň nyşanydyr –  diýip, Makron belledi.

Fransiýa häzirki wagtda Wýetnamyň Ýewropadaky bäşinji uly söwda hyzmatdaşydyr. 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy $5,42 milliard bolup, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,9% artdy. Fransiýa häzirki wagtda Wýetnama maýa goýýan 147 ýurduň we sebitiň arasynda 16-njy orunda durýar. Ol ýerde Fransiýanyň jemi $3,95 milliard möçberindäki 700 sany maýa goýum taslamasy hereket edýär.

Şeýle hem Fransiýa Wýetnama dürli grant kömeklerini amala aşyrmakda öňdebaryjy Ýewropa ýurdudyr. Pariž Hanoýa €16,7 milliard möçberinde ýeňillikli karz berip, infrastruktura, oba hojalygy, ýaşyl senagat, maliýe we tehnologiýa geçirijilik ugurlaryndaky taslamalara aýratyn ähmiýet berýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi