MEDENIÝET

Makgregor kinoda surata düşýär

Garyşyk söweş sungatynyň irlandiýaly ussady, iki agram derejesinde “Ultimate Fighting” çempionatynyň öňki çempiony Konor Makgregor kinoda surata düşmek isleýär. Ozalky çempion kinoda keşp aldy.

“Deadline” neşiriniň habaryna görä, Konor “Ýoluň ugrundaky jaý” atly filmde keşp janlandyrar. Bu filmde baş keşpde meşhur aktýor Jeýk Jillenhol oýnar. Jeýk Jillenhol filmde “UFC” çempionatynyň ozalky türgeniniň keşbini janlandyryp, ol hem filmde ýolun kenaryndaky barda işe durýar.

Filmiň surata düşüriliş işleri 2022-nji ýylda Dominikan Respublikasynda başlanýar. Filmiň haçan görkeziljekdigi entek mälim edilmedi.

– Söwes sungaty sporty onuň esasy işi bolup galar. Ýöne bu hem MakGregoryň täze üstünlikli işleriniň biri bolar. Ol filmiň surata düşüriliş işlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar – diýip, türgeniň metbugat sekretary Karen Kessler habar berdi.

Bu filme meşhur türgeniň goşulmagy filmde birnäçe ýyldyzlaryň hem jemlenýändigine garamazdan, oňa goşmaça tomaşaçylary çekmäge mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.

34 ýaşyndaky Makgregor 2021-nji ýylyň iýulynda Daston Porýe bilen tutluşygynda aýagyny döwdüripdi we häzirki wagtda saglygyny dikeldýär.

Irlandiýaly “UFC” çempionatynyň ýeňil we ýarym ýeňil agramdaky ozalky çempionydyr. Ol häzirki wagtda bu ýaryşyň reýtinginde ýeňil agramda 12-nji orunda durýar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi