Düýn Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli sahnalaşdyrylan “Mähriban dideler” atly spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Režissýorlygyny Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň eden spektaklynyň edebi esasyny Täçmyrat Repbimow ýazypdyr. Spektaklda baş keşpleri teatryň artisti Şirgeldi Saparow (Mergen) we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Tyllagözel Hydyrowa (Güldesse) paýlaşypdyr. Şeýle hem bu spektaklda Türkmenistanyň at gazanan artistleri Oguljan Bekiýewa (Dünýägözel), Öwez Hudaýgulyýew (Kerim aga), artistler Humargül Bäşimowa (Mamur eje), Oguljennet Horasanlyýewa (Jahan), Hudaýberdi Annarejepow (Öwezaly), Akmyrat Annamyradow (Şatlyk), Jennet Çowdurowa (Gunça), Aýsenem Geldiýewa (Aýjahan), Söhbet Täçmämmedow (Öwez), Serdar Bäşimow (Seýit), Myrat Saryýew (äýnekli talyp) dagy dürli keşpleri janlandyrypdyrlar. Biz hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan spektakldan öň spektaklyň režissýory we spektaklda baş keşpleri ýerine ýetirýän artistler bilen söhbetdeş bolduk.
***
Bilbil MÄMMEDOW – Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, spektaklyň režissýory:
-Ilkibaşda ähli zenanlarymyzy 8-nji mart – Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň bu günki goýýan spektaklymyz hem mähriban zenanlarymyz üçin baýramçylyk sowgadymyzdyr. Bu spektakl ýaşlarymyzyň durmuşyna bagyşlanan. Spektaklyň edebi esasyny Täçmyrat Repbimow ýazdy. Biz Täçmyrat bilen eýýäm 3-nji oýnuň üstünde işleýäris. Spektaklda esasy hereket edýän gahrymanlar – ýaşlar. Oýnuň 1-nji bölüminde olaryň obada zähmet çekişlerini, 2-nji bölüminde olaryň paýtagtymyzda ýokary okuw jaýynda okap ýören döwürlerini görmek bolýar. Spektaklda esasy üns berilýän tema – söýgi. Baş keşplerdäki Güldesse bilen Mergeniň biri-birine bolan söýgüsiniň töwereginde wakalar bolup geçýär. Şu ýerde bellemli zatlarymyň biri, spektakly taýýarlamakda özleriniň zähmetini siňdiren işgärlerimiz. Spektaklymyzyň sahna bezegini Mekan Annamyradow, saz bezegini Elman Geldimyradow, yşyk bezegini Jeýhun Ataýew, ses režissýorlygyny Kakajan Meretgulyýew ýerine ýetirdi. Biz hem öz nobatymyzda olara uly minnetdarlyk bildirýäris.
***
Tyllagözel HYDYROWA – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby:
-Bu gün Bilbil Mämmedowyň režissýorlyk etmeginde goýlan “Mähriban dideler” spektaklynyň ilkinji görkezilişi geçirilýär. Bu spektaklda režissýorymyz maňa baş keşp bolan Güldessäniň keşbini ynandy. Güldesse obada ösen, Aşgabatda ýokary okuw jaýynda okaýan, ýüpek gurçugyny ýetişdirilýän ýerde işleýän oba gyzy. Ol öz arzuwlary, hyýallary bilen gümra bolýar. Onuň daş-töweregindäki adamlar bilen sözi gabat gelmeýär. Güldessäni ençeme oglanlar söýýär, emma ol hiç kimi söýmeýär. Ol Mergeniň ony söýýänligini bilse-de, ilkibada oňa durmuşa çykmaga razy bolubermeýär, hemişe öz işleri bilen geziberýär. Güldesse ahyry Mergeni söýýänligine spektaklyň soňunda göz ýetirýär. Güldesse häsiýeti boýunça özdiýenli, akylly gyz. Umuman, spektaklymyzda biri-birinden gyzykly wakalar köp. Watandaşlarymyzy spektaklymyza tomaşa etmäge çagyrýarys.
***
Şirgeldi SAPAROW – teatryň artisti:
-Biz bu gün örän gyzykly spektakly tomaşaçylarymyza ýetirýäris. “Mähriban dideler” atly bu spektaklymyz komediýa bolup, ýaşlaryň arasyndaky päk söýgini öňe sürýär. Maňa hem bu spektaklda baş keşbi – Mergeniň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Mergen başdan bäri Güldessäni ýürekden söýýär. Ol Güldessä öz söýgüsini birnäçe ýola hem duýdurýar. Emma Mergeniň söýýän gyzy onuň söýgüsine birbada jogap bermeýär. Tä Mergen harby gullukdan dolanyp gelýänçä bu ejir dowam edýär. Mergen gullukda wagty hem Güldessä söýgi hatlaryny ýazyp durýar. Ahyry 2 ýyllyk aýralykdan soň Mergen gaýdyp gelýär we göni Güldessäniň okaýan ýokary okuw jaýyna barýar. Ol şol ýerde öz söýgüsini oňa beýan edýär we wakalar şu ýerde aýgytlaýjy häsiýete eýe bolýar. Jemläp aýtsam, bu spektaklda maňa baş keşbi ynanan režissýorymyz Bilbil Mämmedowa sag bolsunlarymy aýdýaryn.
Oguljan BEKIÝEWA – Türkmenistanyň at gazanan artisti:
-Ilki bilen, mähriban ene-mamalarymyzy, aýal-gyzlarymyzy ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen gutlaýaryn. Goý, olaryň ýüzlerinde gülki egsilmesin.
Spektakl barada aýtsam, men spektaklda öz ogluny öýerjek bolýan Dünýägözeliň keşbini ýerine ýetirdim. Ol ogluny öýermek maksady bilen Güldesselere gudaçylyga gelýär. Emma oglunyň guraýan oýnuna düşüp, Güldessäni gelin edinmekden ýüz öwürýär. Meniň bu keşbim kiçi keşpleriň biri bolsa-da, hemişe öz oglunyň bagtly bolmagyny arzuw edýän, munuň üçin elinden gelenini edýän mähriban enäni açyp görkezýär.
Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.