MEDENIÝET

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu täze kitap ýakynda neşir edildi. Has dogrusy, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy hakynda ýene bir möhüm çeşmeleriň biri aýratyn kitap görnüşinde magtymgulyşynaslara gowuşdy.

“Magtymgulynyň eserleriniň neşir edilişiniň taryhy” diýen bu möhüm gollanmany taýýarlan türk dünýäsiniň tanymal alymy, taryh ylymlarynyň doktory merhum Almaz Ýazberdiýewdir.

Awtoryň ýygnan Magtymgulynyň eserleriniň neşir edilişiniň ylmy çeşmeleriniň deslapky nusgasy baryp-ha 1879-nji ýyldan başlanýar.

Dürli ýyllarda, dürli dillerde, dürli harply hatlarda, dürli ýurtlarda türkmenleriň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşirleri içgin öwrenilip, olaryň sistematik senenamasy düzülipdir.

Tanymal alymyň bu ylmy çeşmesi üç dilde: türkmen, rus we pars dillerinde taýýarlanypdyr, Bu bolsa Magtymguly bilen baglanyşykly möhüm we ylmy çeşmäniň okyjylarynyň sanynyň has-da köp boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlar geňeşi tarapyndan makullanan bu kitap özboluşly bölümlerden ybaratdyr.

“Gündogar halklarynyň dillerinde neşirýat işiniň ýüze çykyşy barada gysgaça maglumat” diýlen bölümde awtor Gündogar halklarynda neşir işleriniň Günbatar halklarynyňka garanyňda has giç başlandygyny ýörite belläp, Gündogar halklarynda neşir işlerine degişli möhüm maglumatlary okyjylary bilen paýlaşypdyr.

Eseriň ikinji bölümi “Magtymgulynyň eserleriniň 1917-nji ýyla çenli neşir edilişi”, üçünji bölümi “Magtymgulynyň eserleriniň 1917-nji ýyldan soň neşir edilişi” diýlip atlandyrylyp, bu bölümlerde bellenilen ýyllara görä eserleriň neşirleri hakynda giňişleýin maglumatlar berlipdir.

Türkmen milli şahyry Magtymgulynyň rus dilinde terjime edilişiniň özboluşly taryhy bar. Bu hakyndaky maglumatlary awtor “Magtymgulynyň eserleriniň rus dilinde neşir edilişi” diýen bölüminde okyjylar köpçüligine hödürläpdir.

Magtymgulynyň eserleriniň neşirleri hakynda-da gerekli maglumatlary eseriň  “Magtymgulynyň eserleriniň GDA-nyň halklarynyň dillerinde neşir edilişi” diýen bölüminden tapmak mümkin.

Awtor kitabynyň “Magtymgulynyň eserleriniň daşary ýurt dillerinde neşir edilişi” diýen bölüminde türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki neşirlerini bir ýere jemlemegi başarypdyr.

Goňşy Eýran döwletinde Magtymgula uly hormat goýulýar. Ol ýerde şahyryň eserleriniň neşir edilişiniň we öwrenilişiniň özboluşly taryhy bardyr.

Tejribeli taryhçy alym Almaz Ýazberdiýew öz eseriniň “Magtymgulynyň eserleriniň Eýran Yslam Respublikasynda neşir edilişi” diýen bölümde bu barada örän gyzykly we anyk maglumatlary okyjylaryna hödürläpdir.

Awtor Ýewropa halklarynyň dillerinde neşir edilen çeşmeleri-de bir ýere jemläpdir, şol maglumatlary “Magtymgulynyň eserleriniň Ýewropa halklarynyň dillerinde neşir edilişi” diýen bölümde beýan edipdir.

Kitabyň soňunda bolsa awtor okyjylaryna “Magtymgulynyň eserleriniň hronologik görkezijisini” hödürläpdir.

Kitapda ýörite suratlar bölümlerine-de ýer berlip, olar “Kitaplaryň daş sahaplarynyň suratlary”, “Magtymgulynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bina edilen ýadygärlikleri” diýlip atlandyrylypdyr.

Merhum alymymyz Almaz aganyň taýýarlan bu ylmy kitaby bütin dünýädäki magtymgulyşynaslara, türk dünýäsiniň okyjylar köpçüligine, edebiýatçy alymlara, terjimeçilere we türkmen edebiýaty bilen gyzyklananlara peýdaly çeşme boljakdyr.

Berdi Saryýew,

Ankara uniwersitetiniň Dil-taryh we geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler