JEMGYÝET

«Magtymguly Pyragy» atly çeper film Nýu-Ýorkda görkezildi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” atly çeper filmi ABŞ-nyň iň uly şäheri bolan Nýu-Ýorkda görkezildi. Bu filmiň dünýäniň iň iri şäherleriniň birinde görkezilmegini TÜRKSOÝ guramasy gurnady. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklar hem-de çäreler guraldy.

Şolaryň biri hem türkmen halkynyň beýik akyldary, görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň durmuşyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy” atly çeper filmi Nýu-Ýork şäherindäki Türk öýünde görkezildi.

Halkara “Gorkut ata” kinofestiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolan hem-de Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” atly çeper filmi Nýu-Ýork şäherinde hem uly gyzyklanma döretdi.

Bu çärede ýurdumyza  Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygy Muhammetnazar Saparmyradow hem-de “Magtymguly Pyragy” atly çeper filminde surata düşen Ahmet Amandurdyýew wekilçilik etdi.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki goňşy ýurduň, ýagny Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan uly göwrümli çeper film surata düşürildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Karary esasynda Özbegistan Respublikasynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçildi.

Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldaw bermeginde özbek režissýory Muzaffarhon Erkinow tarapyndan surata düşürilen “Magtymguly Pyragy” filmi daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma eýe bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri