MEDENIÝET

Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, döwlet derejesinde bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerine öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly baýragy almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik yglan edildi hem-de ony 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek bellenildi.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugyna bäsleşigiňýokayr derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy we altyn zynjyry bilen sylaglamak, pul baýragyny Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan bermek bellenildi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy