MEDENIÝET

Magtymguly barada täze kitap çap edildi

Türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň ýygyndysy çap edildi. Bu eser Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bilim geňeşi tarapyndan taýýarlandy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýanynda 2013-nji ýylyň maýynda Türkiýe Respublikasynda türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragyny ylmy taýdan öwrenmek we onuň döredijiligini giň jemgyýetçilige tanyşdyrmak maksady bilen merkez döredildi.

Bu işler Prof. Dr. Abdurrahman GÜZEL, Prof. Dr. Ali DUÝMAZ, Prof. Dr. Nergis BİRAÝ, Dos. Dr. Berdi SARYÝEW, Dos. Dr. HamiÝe DURAN, Dr. Emrah YYLMAZ-dan ybarat ýazyjylar geňeşi döredildi. Bu geňeş 2014-nji ýyldan bäri Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar atly eser bilen bir hatarda jemi 7 kitap we köp sanly makalalar toplumyny taýýarlady.

Täze eserde Magtymguly Pyragynyň öwün-ündewlerine orun berildi. Hem ylmy hem-de giň okyjylar jemgyýetçiligine niýetlenen bu eseriň birinji bölüminde meşhur şahyryň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berilýär. Ikinji bölümde paýhasly sözler we olaryň düşündirişlerine orun berlipdir. Şahyryň käbir goşgulary ylmy taýdan seljerilipdir. Üçünji bölümde Magtymguly Pyragy barada görnükli syýasatçylar, alymlar, edebiýat we sungat ussatlarynyň aýdanlary ýerleşdirilipdir.

Gysgaça, bu eser köp sanly okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolsa gerek. Ýokaryda ady agzalan ylmy işgärler Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenjek 2024-nji ýyl üçin uly Miras sözlügini taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barýar.

Netijede, ylmy işgärler tarapyndan taýýarlanan bu eser Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy üçin özboluşly sowgat boldy.

Elektron kitaphanalar – bilim ulgamynyň ygtybarly daýanjy

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov