JEMGYÝET

Maglumat howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň sekizinji duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem mejlisiň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň Baş sekretary S.Zas, şol sanda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň GDA-nyň assosiirlenen agzasy hökmünde gatnaşmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny bellemek zerurdyr.

Bu mejlisiň barşynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri dogrusynda işjeň pikir alyşmalar geçirildi. Hususan-da, GDA-nyň çäklerinde biologiki wehimlere garşy göreşmegiň, şeýle hem häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredildi.

Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýurtlaryň kiber giňişligindäki mümkinçiliklerini kämilleşdirmek meseleleri pikir alyşmalaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada hem pikir alyşdylar.

Sebitleýin durnuklylygy ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde babatynda tagallalaryň geljekde hem utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov