SPORT

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Şu gün Ispaniýanyň “Real Madrid” topary düzümine erkin futbolçy hökmünde goşulan Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Kilian Mbappe üçin meşhur “Santýago Barnebau” stadionynda tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Oňa ispan toparynyň ýolbaşçysy Florentina Peres hem-de bir döwür ipsna toparyň düzüminde çykyş eden we tälimçi bolan fransiýaly meşhur futbolçy Zinedan Zidan gatnaşdy.

80 müň orunlyk stadiona “Real Madrid” toparynyň köýnekçesi bilen çykan Kilian Mbappe geljekki janköýerleriniň öňünde ispan dilinde gürledi.

Ol hakykatdan hem bagtly oglandygyny belläp, özüniň çagalykdaky arzuwynyň hasyl bolandygyny aýtdy. “Real Madrid” toparynyň ýolbaşçysy Florentino Perese özüne başdan bäri ynanandygy üçin minnetdarlyk bildiren Mbappe: “Meniň çagalar käbir aýtjak zatlayrm bar. Men hem bir döwür siziň ýaly ýaş çagadym. Arzuw hem-de hyjuw bilen islän arzuwyňyza ýetip bilersiňiz. Çagalygymda meniň ýeke-täk arzuwym bardy. Bu ýere gelmek meniň üçin örän uly bagt. Indi bolsa, meniň ýene-de bir arzuwym bar. Ol hem bu toparyň üstünliklerine goşant goşmakdyr” – diýip belledi.

Mälim bolşy ýaly, Kilian Mbappe Fransiýanyň “PSŽ” toparyndaky futbol karýerasyny tamamlap, Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçdi.

Şu gün fransuz futbolçy bilen ispan toparynyň arasynda 5 ýyllyk şertnama gol çekildi we Mbappe lukmançylyk barlagyndan geçdi.

 

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler