BIZNES

“Lukoil” öňdeligi eýeleýär

Russiýanyň nebit kompaniýasy “Lukoil” Russiýa Federassiýasynyň içinde şahsy kompaniýalaryň arasynda birinji oruny eýeledi diýip, “Forbes” žurnaly habar berýär. Žurnalyň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň 2019-njy ýyldaky girdejisi 7,841 trillion rubla barabar boldy. Şeýle hem kompaniýanyň içinde 101 müň işçi zähmet çekýär.

Sanawda “Lukoil” kompaniýasyndan soňra ikinji orny “Surgutnebitgaz” eýeledi. Bu bolsa şol döwürde 1,814 trillion rubl gazanmagy başardy. Üçünji oruny “X5 Retail Group” eýeledi. Hususy kompaniýalaryň arasynda Russiýada iň uly iş beriji “Magnit” azyk dükany boldy. Onuň düzüminde 300.000 gowrak işgär zähmet çekýär. Reýtingiň awtorlary 2019-njy ýylda ähli 200 kompaniýanyň umumy girdejisiniň 45,3 trillion rubl bolandygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde, 2018-nji ýyldaky ýaly ilkinji bäşlik öňküligine galdy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder