SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lukmanlar dünýäde ilkinji gezek hassanyň beýnisinde janly gurçuk tapdylar

Awstraliýada ýaşaýan bir adamyň beýnisinde dünýäde ilkinji gezek 8 sm uzynlygyndaky janly gurçuk tapyldy. Bu gurçuk geçen ýyl Kanberrada geçirilen operasiýa wagtynda beýniniň zeperlenen dokumalaryndan aýrylyp alyndy.

Parazit beýnide iki aýlap galyp bilýär. Alymlar bu hadysanyň keselleriň we ýokançlyklaryň haýwanlardan adamlara ýokaşmak howpunyň uludygyny görkezýärler.

Operasiýa mahaly lukman tarapyndan aýalyň beýnisinden 8 santimetr uzynlykdaky diri gurçuk çykarylyp alnanda, hemmeler haýran galdy.

“Ophidascaris robertsi” tegelek gurçugy Awstraliýanyň köp ýerinde duş gelýän zäherli ýylanlarda bolýar. Alymlar bu aýala parazitiň öýüniň golaýyndaky kölüň kenarynda ösýän Warrigal gök oty ýygnan döwründe ýa-da ony iýen wagty ýokaşandygyny aýdýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar