SPORT

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi

“Milan” toparynyň ýarymgoragçysy Luka Modriç  Italiýanyň çempionatynda gol geçiren iň ýaşuly ýarymgoragçy boldy. 40 ýaşyndaky horwat futbolçy “A” seriýasynyň 3-nji tapgyryndaky “Bolonýa” toparyna garşy oýnunda (1:0) ýeke-täk goly geçirdi.

Şeýlelikde, ol 1961-nji ýylyň mart aýynda “Milan” toparynyň düzüminde “Intere” garşy oýunda (2:1) gol geçiren şwesiýaly Nils Lidholmyň 38 ýaş 169 günlik rekordyny täzeledi.

9-njy sentýabrda Modriç 40 ýaşyny belledi. Ol häzirki wagtda iň gowy 5 liganyň iň ýaşuly oýunçylarynyň üçlügine girýär. Onuň bilen bilelikde 41 ýaşly “Nissa” toparynyň goragçysy Dante we 40 ýaşly “Owedo” toparynyň ýarymgoragçysy Santi Kasorla hem bu sanawda bar.

Modriç geçen tomusda “Real Madrid” toparyndan erkin futbolçy hökmünde Italiýanyň “Milan” toparyna geçdi. Ol “Milan” toparynda dört oýun oýnap, bir gol geçirdi we bir goluň pasyny berdi. Modriçiň şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär we ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bar.

Ýene-de okaň

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy