TEHNOLOGIÝA

“Lightyear 0” ilkinji “Gün” awtoulagy

Awtoulag ägirtleri täze elektrik ulaglary üçin Gün panellerini işläp düzýärler we Ispaniýanyň yssy günlerinde Niderlandlar Patyşalygynyň “Lightyear” kompaniýasynyň ilkinji önümçilik modeli bolan “Lightyear 0” ulanmaga taýýar edildi. Gün paneli ýerleşdirilen bu ulag eýýäm 70 kilometrden gowrak ýol geçmek üçin ýeterlik gün energiýasyny ýygnamagy başarýar.

Awtoulagyň kapoty we üçegi Gün panelleri bilen örtülendir. Onuň meýdany bary-ýogy 5 inedördül metrdir.

– Bu ilkinji ädim boldy. 250 müň ýewro bahasyndaky awtoulag bize şeýle tehnologiýany döretmegiň mümkindigini görkezdi. Ýene-de 3 ýyldan bazara 30 müň ýewrolyk ulaglara bilen çykmaga mümkinçilik berýär – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Leks Hufslut gürrüň berýär.

“Lightyear” güýzde önümçilige başlar we şereket noýabr aýyndan başlap iň gymmat sedany iberip başlar.

Gün panelleri awtoulag hereket edende ýa-da awtoulag duralgasynda açyk meýdanda goýlanda batareýa zarýad berýär.

Awtoulagy güneşli günlerde Gün panellerinden peýdalanyp, Gün ýok bolan wagty bolsa, akkumulýatorlarynyň hasabyna ulanmak bolar.

Oýlap tapyjylaryň maglumatyna görä, optimal şertlerde Gün panelleri bilen zarýad bermezden gündelik 70 kilometr geçip bolýar. Portugaliýa bilen Ispaniýa ýaly güneşli ýurtlarda bu ulagy 7 aý ulanmak bolar.

 

“Uly 7-lik” Hytaýyň taslamasyna bäsdeÅŸ bolýar

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi