Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Biziň aramyzda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra, Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Biziň telefon arkaly söhbetdeşligimiziň dowamynda biragyzdan belleýşimiz ýaly, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri Koreýa Respublikasy we Türkmenistan dürli ulgamlarda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. 2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandan soňra, hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldi we çuňlaşdyryldy. Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň geljegi nazarlap, has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Şeýle hem Size Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere goşant goşmaga gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalaryna goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk sözlerini beýan edýärin. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa” sammitiniň çäklerinde Siziň bilen duşuşmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin!
Pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlarymyzy we mähirli salamymyzy ýetirmegi haýyş edýärin.
Li Çže MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.