JEMGYÝET

Lezzetiň täze salgysy – “Simit dünýäsi”

Türkmen telekeçileri ýurdumyzda söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Şonuň hasabyna ýurdumyzda halkymyza edilýän hyzmatlaryň hili has-da ýokarlanyp, dürli restoranlardyr kafeler yzygiderli açylýar.

Ine, şeýle kafeleriň ýene-de biri öz işine başlayar. Telekeçi Geldiýew Meýlismyrat paýtagtymyz Aşgabatda “Simit dünýäsi” atly kafeni açdy.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ýerde müşderilere dürli görnüşli tagamlar hödürlenýär. Tagamlaryň arasynda kofteler, dürli görnüşdäki et tagamlary bar. Şeýle hem bu ýerde ertirlik edinmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar.

Kafe öz ilkinji müşderilerini desertleriň täze tagamnamasy, süýjülikleri, şeýle-de gyzgyn we sowuk içgileri bilen garşy alýar.

Kafeniň açylyşy 15-nji noýabrda sagat 18:00-da şu salgyda bolar: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 13-nji jaýy.

Kafe işini ýola goýanyndan soň, her gün müşderilere hyzmat eder.

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+993 61) 06 06 06/ 19 06 06/ 20 06 06. Sosial media ulgamyndaky sahypasy: Instagram hasaby: simit_dunyasi_tm

 

 

Ýene-de okaň

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Gazagystan Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri