SPORT

“Leýkers” – NBA-nyň 17 gezek çempiony

“Los-Anjeles Leýkers” topary 17-nji gezek Milli Basketbol Assosiasiýasynyň (NBA) çempiony boldy. Şeýlelikde, bu topar NBA-daky çempionlyk rekordçysy”Boston” topary bilen deňleşdi.

“Leýkers” topary çempionlyk ugrundaky bäsleşikde, ýagny pleý-off duşuşyklarynyň 6-njysynda “Maýami” toparyny 106:93 hasabynda ýeňip, özüniň nobatdaky üstünligini gazandy.

Final duşuşygynyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde 35 ýaşly kaliforniýaly Lebron Jeýms boldy. Ol “Leýkers” toparynyň düzüminde 260 duşuşykda çykyş edip, bu görkezijisi bilen birinji orna çykdy we Derek Fişerden öňe saýlandy.

NBA-nyň çempionaty pandemiýa sebäpli mart aýynda ýatyrypdy. täzeden badalga alan bu çempionatda 30 topardan 22-si çempionaty dowam etdirdi. Awgust aýynyň ortalarynda täzeden başlan çempionatyň ähli duşuşyklary Floridadaky “Disneý uorld” sport toplumynda geçirildi.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri