SPORT

Lewandowski “Altyn aýakgap” baýragynyň eýesi

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski 2020/21-nji ýylyň möwsüminde Ýewropa ligalarynda iň köp pökgi geçiren futbolçy hökmünde “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy.

Bu baýraga bir möwsümde iň köp möçberde utuk alan futbolçy mynasyp bolýar. Utuk geçiren gollarynyň jemi boýunça kesgitlenýär. Şeýle hem ol Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň degişli koeffisientine köpeldilýär. Öňdebaryjy 5 liganyň koeffisienti 2 utuga deňdir.

Lewandowski “Bundesligada” 29 duşuşykda 41 gol geçirdi. Onuň utuk sany 41×2 köpeldilip, 82-1 deň boldy. Ikinji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi eýeledi (30 gol, 60 utuk). Ilkinji üçlige Kristiano Ronaldo hem goşulmagy başardy (29 gol, 58 utuk).

“Altyn aýakgap” – 2021:

  1. Robert Lewandowksi («Bawariýa») — 82 utuk (41 gol)
  2. Lionel Messi («Barselona») — 60 utuk (30 gol)
  3. Kristiano Ronaldo («Ýuwentus») — 58 utuk (29 gol)
  4. Andre Silwa («Aýntraht») — 56 utuk (28 gol)
  5. Kilian Mbappe («PSŽ») — 54 utuk (27 gol)
  6. Erling Holand («Borussiýa») — 54 utuk (27 gol)
  7. Romela Lukaku («Inter») — 48 utuk (24 gol)
  8. Herard Moreno («Wilýareal») — 46 utuk (23 gol)
  9. Karim Benzema («Real») — 46 utuk (23 gol)
  10. Garri Keýn («Tottenhem») — 46 utuk (23 gol).

32 ýaly Lewandowskiniň öz sport durmuşynda ilkinji gezek “Altyn aýakgap” baýragyna eýe bolandygyny bellemek gerek. Şeýle hem polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski Germaniýanyň çempionatynda bir möwsümde 41 gol geçirip, 49 ýyllyk rekordy täzeledi. 1971/72-nji ýylyň möwsüminde  Gerd Mýuller bir möwsümde 40 gol geçiripdi.

 

Raýatyň pensiýa çykyp, işi dowam etmegi barada maglumat

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov