SPORT

“Legiýa” wagtyndan öň çempion boldy

Polşada wagtyndna öň çempion belli boldy. Ýurduň futbol boýunça milli çempionatynyň tamamlanmagyna 3 hepde galanda “Legiýa” topary çempionlygyny yglan etdi.

Çempionatyň 28-nji tapgyrynda “Legiýa” toparynyň iň ýakyn bäsdeşi “Rakuw” topary öz meýdançasynda “Ýagelloniýa” topary bilen deňme-deň oýnady. Bu netijeden soňra “Legiýa” topary bilen “Rakuw” toparynyň arasyndaky utuk tapawudy 9-a deň boldy.

Eger galan duşuşyklara toparlaryň utuk sany deňleşen ýagdaýynda hem Warşawanyň “Legiýa” topary çempion bolar.

“Legiýa” toipary bu üstünligi bilen Polşanyň çempionatynda 15-nji çempionlygyny gazandy.

 

“Çempionlar ligasy”: “Mançester Siti” finala golaýlady

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler