BIZNES

Lebapdaky söwda toplumlarynda uly özgertmeler geçiriler

Şu ýyl Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen göçme mejlisinde habar berildi.

Hususan-da, 2021-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Merkezi bazaryň durkuny täzelemek, şeýle hem Çärjew, Dänew, Saýat we Farap etraplarynyň merkezlerinde ýerleşýän iri dükanlaryň durkuny täzelemek meýlleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, unaş öndürýän we gök-miwe gaplamalaryny öndürýän önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler.

Mejlisde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow degişli wise-premýere Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder