IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Çärjew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän Çärjew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde, sagat10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär! Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

 Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:  Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesiniň

 Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy

Habarlaşmak üçin. +99343345697

            

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar