JEMGYÝET

Lebap welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Düýn  Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlisde Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri Size ýetirýäris.

Lebap welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler:

  1. Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Döwletli, Farap etraplaryny ýatyryp, Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny hem-de Hojahaýran, Miras, Täzedurmuş, Berkararlyk, Pagtaçy, Tallymerjen geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmek;
  2. Döwletli etrabynyň Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan, Serdar geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek;
  3. Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmek;
  4. Halaç etrabynyň Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny hem-de Soltanýazgala, Dostluk, Seýdi, Lamma, Akgala, Rahmançäge, Ärsarybaba, Baý, Zelili adyndaky geňeşliklerini Saýat etrabyna geçirmek teklip edilýär.
  5. Şeýle-de iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyryp, onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  6. Döwletli etrabynyň Miras geňeşligini ýatyryp, onuň Miras we Garagum obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek;
  7. Serdar geňeşligini ýatyryp, onuň Serdar we Dostluk obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  8. Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyryp, onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  9. Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyryp, onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  10. Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyryp, onuň Ýürekdepe we Aýrybaba obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmek;
  11. Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Miweçiler we Gyzylýarymaý obalaryny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmek
  12. Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmak;
  13. Çärjew etrabynda ýörite ýer gaznasynyň çäginde dörän täze ilatly ýere oba derejesini bermek we oňa Dostluk adyny dakmak, ol obany Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.
  14. Welaýatyň etraplarynyň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň atlaryny üýtgetmegiň zerurdygyny nazara alyp, Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Lebapoba adyny dakmak;
  15. Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny dakmak;
  16. Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Abadan adyny dakmak;
  17. Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ak altyn adyny dakmak;
  18. Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Rowaçlyk adyny dakmak;
  19. N.Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň adyny üýtgedip, Magtymguly Pyragy adyny dakmak;
  20. Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Balh adyny dakmak;
  21. Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, Çarşaňňy atlaryny dakmak teklip edilýär.

Şeýlelikde, Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany Lebap welaýatynyň çäginde galdyrmak kararyna gelindi.

 

Daşoguz welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

 

Balkan welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

 

Ahal welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri