JEMGYÝET

Oba hojalygyna döwlet goldawy

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz ilki bilen Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň awtoulagy kärendeçi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanynyň çäginde saklandy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz ekerançynyň kärende meýdanynyň ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri, kärendeçilere döredilýän mümkinçilikler, ýetişdirilen hasylyň derejesi bilen gyzyklandy.

Gallaçynyň gürrüň berşi ýaly, ol maşgala agzalary bilen umumy meýdany 20 gektar bolan ýerden bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berdimyrat döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine yzygiderli kömek-goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, işlemek üçin döredilen oňyn şertler netijesinde öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40 — 45 sentner hasyla garaşýandygyny uly guwanç bilen habar berdi.

Kärendeçiniň gürrüň bermegine görä, onuň ata-babalary hem ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Onuň kakasynyň hem 1 gektar saýlama tohumly erik ekilen kärende ýeri bar. Olaryň hojalygynda iri we ownuk şahly mallar hem saklanýar. Bu bolsa süýt-gatyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz ekerançylykda daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu asylly işe ak ýürekden çemeleşmegiň her bir maşgalanyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, ýokary öndürijilikli tehnikalara erk edýän mehanizatorlar bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamaga girişdiler. Bu ýerde daýhanlar we myhmanlar üçin dürli türkmen tagamlary taýýarlanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla oragynyň barşy, hususan-da, «CLAAS» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu pudagyň tehniki binýadyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň — «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň, Minskiniň traktor zawodynyň we beýlekileriň iň täze we ýokary öndürijilikli döwrebap maşynlary hem-de enjamlary tutýar.

«TEBIGY EKIN» DAÝHAN HOJALYGYNYŇ IŞI BILEN TANYŞLYK

Soňra milli Liderimiz gök-bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň kärende ýerleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Telekeçi döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi.

R.Bäşimowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda uly goldaw berýändigi netijesinde, oba hojalyk önümçiliginde netijeli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa önüm bolçulygynyň, täze iş orunlarynyň döremegine giň ýol açýar. Häzirki döwürde daýhan hojalygynda 200-den gowrak adam zähmet çekýär.

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda telekeçileriň oba hojalyk pudagynda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda aýratyn möhümdir.

Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy ýeralmanyň bu görnüşiniň şu sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini, onuň hasyllylygynyň ýokarydygyny gürrüň berdi. Şeýle hem ol hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň milli Liderimiziň tagallasy bilen Germaniýadan alnandygyny habar berdi.

Bu işde iki görnüşli tehnika ulanylýar. Olaryň biri ýeralmanyň ýapraklaryny orýar. Beýlekisi ýeralmalary topragyň ýüzüne çykarýar. Soňky işler ýygymçylara bagly. Olar ýeralmalary çöpläp, haltalara salýarlar, soňra hasyl degişli ugurlar boýunça ugradylýar.

Hasylyň döwlete tabşyrylmaly möçberinden artygy ýurdumyzyň ak bazarlarynda satylýar. Bu bolsa hojalykda işleýän daýhanlaryň girdejileriniň artmagyny hem-de olaryň işe bolan höwesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçini ýetişdirilen bol hasyly bilen gutlap, oňa gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky iş saparyny tamamlap, Mary welaýatyna ugrady.

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi