DÜNÝÄ

Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýanyň esasy hyzmatdaşy

Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen jemi haryt dolanyşygy ýylda 45 milliard ABŞ-nyň dollaryndan geçýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisinde çykyş edip aýtdy. Ol ýerde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we daşary ýurt bazarlarynda rus kompaniýalaryny goldamak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministriň sözlerine görä, Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Sebit ýurtlarynyň çäginde rus maýasy bilen 24 müň töweregi kompaniýa işleýär.

«Bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, milli pul birliklerinde hasaplaşyklaryň paýy artýar, ulag-logistika infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi dowam edýär» diýip, daşary syýasat edarasyndaky ýolbaşçy belläp geçdi.

Hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallarynyň arasynda ministr halkara ulag geçelgesiniň «Demirgazyk – Günorta» gündogar şahasynyň ösdürilmegini we «Rosatom» döwlet korporasiýasynyň sebitleýin klasterini döretmäge gatnaşmagyny belläp geçdi. Rus kompaniýalary känleriň özleşdirilmegi, senagat we energetika desgalarynyň gurluşygy, şeýle hem sanly hyzmatlaryň ösdürilmegi ugurlarynda hem netijeleri görkezýärler.

Lawrow hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetikany, logistikany, çykaryjy we gaýtadan işleýän senagaty, şeýle-de ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyny görkezdi.

Ol aýratynlykda möhüm çig mal serişdeleriniň çykarylmagy we gaýtadan işlenmegi, şeýle hem emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy babatda işleriň ähmiýetini nygtady.

Mejlisiň ahyrynda ministr oktýabr aýynda Duşenbede Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gabatlanyp, «Russiýa – Merkezi Aziýa» ikinji sammitiniň geçiriljekdigini ýatlatdy. «Gün tertibinde söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ylmy-tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlyk temasy bolar» diýip, Lawrow belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli brifing geçirildi

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi

Türkmenistanyň wekiliýeti “Global Gateway 2025” ikinji forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary bilen duşuşdy