DÜNÝÄ

Lawrow Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen duşuşdy. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň arasyndaky gatnaşyklara hemmetaraplaýyn syn berlip, taraplar ikitaraplaýyn hem-de GDA, Ýewraziýa ykdysady bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösüşine ýokary baha berip, ylym, bilim we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem howpsuzlyk we sebit durnuklylygy babatda strategik hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn toplumynyň durnukly ösdürilmegini üpjün etmek babatdaky tagallalar beýan edildi.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa+Russiýa formatyndaky ilkinji sammitiň netijelerini durmuşa geçirmek babatda pikir alşyldy.

Duşuşykda suwdan peýdalanmak we Aralyň ekologiýa meseleleri boýunça ylmy-tejribe hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy