JEMGYÝET

Lawaşdan türk böregi

Türk aşhanasynyň ýene bir ýüz öwrüp bolmajak tagamlarynyň biri hem türk böregidir. Bu biziň türkmen böregimiz ýaly däl-de, lawaşdan gatlak-gatlak edilip taýýarlanylýan tagamdyr. Böregiň taýýarlanyşy barada gyzyklanýan bolsaňyz gerek. Bu gezek men size agzap geçen tagamymyň taýýarlanyşy barada gysgaça maglumat bermegi makul bildim.

Gerekli önümler:

  1. 1 ýa 2 paket taýýar lawaş
  2. Öz islegiňize görä, içi üçin üwelen et (eger peýnirli halaýan bolsaňyz, peýnir we ukrop-petruşka garyndysy)
  3. 1 sany ortaca ululykda sogan
  4. Duz we burç
  5. 1 bulgurdan azrak süýt ýa-da gatyk
  6. 1 sany ýumurtganyň sarysy
  7. Ereme peýniri

 

Taýýarlanylyşy:

Ilki bilen böregimiň içini taýýarlamaly. Onuň üçin elimizdäki bar bolan üwelen eti sogan bilen garmaly. Sogany inçe edip dograsaňyz has gowy bolar. Duzuny burçuny hem öz islegiňize görä goşmaly. Soňra bolsa, howurpeçde bişirýän gabyňyzy azrak ýaglamaly. Lawaşymyzy gowuja edip ýerleşdirmeli we üstüne süýt ýa-da gatygymyzy çalmaly. Ikinji gatyna bolsa, taýýarlan üwelen etimizi ýukajyk edip ýaýmaly. Edil şolar ýaly edip, beýleki gatlaryny hem gezekleşdirip taýýarlamaly. Gatyny köpräk etseňiz hasam gowy bolar. Etinden soňky üçünji gatyna ereme peýnirini gyryp, her ýerine sepeleşdirsek hem üýtgeşik tagamly bolýar. Umuman, 4-den 6 gata çenli edibermeli. Iň soňky gatyna bolsa, ýumurtganyň sarysyny çalmaly.

■ Bellik: Ýumurtganyň sarysy owadanlyk üçin hökmany gerekdir.

 

Hemme zadyny taýýar edenimizden soň, gyzyp duran howurpejimize salmaly. Takmynan 20-25 minutdan böregimiz taýýar bolýar. Bişendigini bilmek üçin bolsa, ýüzüniň sarylygyndan we etini barlap görmek arkaly bilip bolýar.

Ine, mähriban okyjylar şeýlelik bilen türk böregimiz hem taýýar boldy. Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

Taýýarlan: Aýşirin ALYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Bulary hem okap bilersiňiz!

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

 

Ýene-de okaň

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi bilen gutlady

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işleri metbugatda giňden wagyz ediler

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbedäki Halkara zergärçilik sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Bitaraplygy Milletler Bileleşigi tarapyndan 3-nji gezek ykrar edildi

Ata Watan Eserleri