Türk aşhanasynyň ýene bir ýüz öwrüp bolmajak tagamlarynyň biri hem lawaşa dolanan türk böregidir. Böregiň taýýarlanyşy barada gyzyklanýan bolsaňyz gerek. Bu gezek men size agzap geçen tagamymyň taýýarlanyşy barada gysgaça maglumat bermegi makul bildim.
Ilki bilen gerek bolan önümlerimizi taýýarlamaly.
Gerekli önümler:
- 1 ýa 2 paket taýýar lawaş
- Öz islegiňize görä, içi üçin üwelen et (eger peýnirli halaýan bolsaňyz, peýnir we ukrop-petruşka garyndysy)
- 1 sany orta boý sogan
- Duz we burç
- 1 ýa-da 2 sany ýumurtganyň sarysy
Taýýarlanylyşy:
Ilki bilen böregimiň içini taýýarlamaly. Onuň üçin elimizdäki bar bolan, üwelen eti sogan bilen garmaly. Sogany inçejik edip dograsaňyz has gowy bolar. Duzuny burçuny hem öz islegiňize görä goşmaly. Soňra bolsa, howurpeçde bişirýän gabyňyzy azrak ýaglamaly. Lawaşymyzy bolsa, kiçi ýa-da uly edip üçburç şeklinde kesmeli. Suratda görkezilişi ýaly edip içini lawaşymyzyň içine ýerleşdirmeli we iki tarapyny ýapýan şekilde eplemeli. Soňuna ýetiberende üçburç ýerine açylman durar ýaly sähelçe ýumurtganyň sarysyny çalmaly. Elimizdäki bar bolan lawaşlarymyzy edil şeýle görnüşde taýýarlamaly. Iň soňunda bolsa hälki ýaglanan gabymyza hemmesini düzmeli we üstüne ýumurtgaň sarysyny çalyp çykmaly. 180 dereje gyzgynlykdaky howurpejimizde 10-15 min bişirmeli. Bişendigini bilmek üçin bolsa, ýüzüniň sarylygyndan we etini barlap görmek arkaly barlap bolýar.
Ine, mähriban okyjylar şeýlelik bilen türk böregimiz hem taýýar boldy.
Işdäňiz açyk bolsun!
■ Bellik: Ýumurtganyň sarysy owadanlyk üçin üstüne çalmak hökmany gerekdir. Içini öz islegiňize görä etli, ysmanak we peýnirli şeýle hem ýer almaly taýýarlap bolýar.
Taýýarlan: Aýşirin Alyýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby
Beýlekileri hem okap bilersiňiz:
Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)
Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy
Howurpeçsiz keksiň taýýarlanylyşy
Çaý başynyň süýjülik güýmenjesi
Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!