MEDENIÝET

Latwiýa gazanan ilkinji “Oskaryny” baýram edýär

Latwiýaly režissýor Gints Zilbalodis “Oskar” baýraklarynyň 97-nji gezke geçirilýän gowşurylyş dabarasynda taryha girdi. Ol “Iň gowy animasiýa filmi” ugry boýunça baýraga mynasyp bolup, bu baýrak Latwiýanyň gazanan ilkinji “Oskar” baýragy boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Los-Anželes şäherinde geçirilen “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda “Anora” çeper filmi uly üstünliklere eýe boldy. Bu film 4 ugur boýunça baýraklara mynasyp boldy.

Bu dabarada Pribaltika döwletlerinden bolan Latwiýanyň “Akym” atly animasion filmi “Oskar” baýragynyň eýesi boldy.

Animasiýa filmi 2024-nji ýylda Kann kinofestiwalynda görkezildi. Soňra “Altyn globusda” iň gowy animasion film baýragyny gazandy. Şeýle hem Ýewropanyň birnäçe kinofestiwallarynda baýraklary gazandy.

Latwiýanyň Premýer-ministri Ewika Silinýa “Akym” atly animasion filmiň gazanan üstünligi bilen gutlady. Ol öz jemgyýetçilik torunda: “Filmiň esasy gahrymanlaryndan biri bolan pişigiň tutuş dünýäde adamlaryň göwnüni tabyn etmegi başarýar” diýip, belledi.

Film pişik we käbir haýwanlaryň suw joşgunyndan halas bolmagy bilen baglanyşykly başdan geçirýän wakalaryny açyp görkezýär.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi