JEMGYÝET

Küştdepdi türki halklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň bütindünýä sanawyna girizilen küştdepdi türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli ýurtlaryň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideo görnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Bu çäre Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde geçiriler. Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek dabara Türki dilli halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň baş sekretarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäde halkymyzyň baý taryhy we milli medeni mirasyny we onuň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp küştdepdini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gözbaşyny gojaman taryhdan alyp gaýdýan bu aýdym-tasn sungatynyň türkmen halkynyň däp-dessurlary, ruhy tejribesi we häzirki zaman döredijilik mümkinçilikleri bilen bir bitewi sazlaşygy döredýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Gazagystan Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi