MEDENIÝET

Küştdepdi türki dilli ýurtlary birleşdirýär

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, noýabr aýynda türki dilli ýurtlaryň kompozitorlarynyň we sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredilik duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen küştdepdi türkmen milli aýdymy we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideo görnüşleriniň tanyşdyrylyş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi.

Türkmen halk döredijiliginiň bu žanry häzirki wagtda türkmen toýlarynyň bezegigidir.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri