SPORT

Kuman “Barselonada” galýar

Ronald Kuman Ispaniýanyň “Barselona” toparynda tälimçi bolup galýar. Bu barada metbugat gulluklayr habar berýär.

Ozal, habar berlişi ýaly, möwsüm tamamlanandan soňra Kumanyň bu wezipeden gitjekdigi aýdylypdy. Ýöne toparyň direktorlar geňeşi toparyň baş tälimçisi Ronald Kumana ynam bildirdiler. Şeýlelikde, niderlandly tälimçi indiki möwsüm hem bu topara tälim berer.

– Birnäçe wagt dowam eden pikir alyşmalardan soňra Ronald Kuman bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmegi makul bildik. Onuň şertnamasynyň hem entek möhleti tamamlanmady – diýip, toparyň ýolbaşçysy Žoan Laporta belläp geçdi.

“Barselona” topary bu möwsümde çempionatda 3-nji otny eýeledi. Ispaniýanyň kubogyny gazandy. Çempionlar ligasynda garaşylan netijäni görkezip bilmedi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy