MEDENIÝET

Kosmosda film düşüriler

Dünýä belli aktýor Tom Kruz NASA-nyň kosmosda düşürjek ilkinji filminde keşp janlandyrar. Häzirki wagtda bu film barada doly maglumat berilmeýär. Emma NASA-nyň utgaşdyryjysynyň habar bermegine görä, film Halkara kosmos stansiýasynda düşüriler. Bu filme «SpaceX» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Elon Mask hem ýardam eder. Tom Kruz ençeme filmlerde baş gahrymanyň keşbini janlandyrdy. Bu filmiň şowly çykmagynda bu aktýoryň ornunyň örän uly boljakdygy aýdylýar. Kosmosda film surata düşürmek örän kyn düşjekdigine garamazdan, film döredijiler onuň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna garaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi