SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kosmos syýahatçylygy barha golaýlaýar

Kosmos syýahatçylygyny amala aşyrmak üçin maýa goýumlary özleşdirýän “Virgin Galactic” kompaniýasy jahankeşdeleri älem giňişligine alyp gitjek kosmos ulagyny tanyşdyrdy. Angliýaly milliarder Riçard Bransonyň eýeçiligindäki “Virgin Galactic” kompaniýasy 250 müň dollar tölän hem-de bu ugurda başlangyç okuwy geçen adamlary kosmosa çykarmaga taýýarlanýar.

6 adamdan ybarat bolan kosmos ulagy 80 kilometre beýiklige çykmagy meýilleşdirýär. Şol menzilden Ýer şarynyň köp bölegine synlamak bolar.

Bu kompaniýa 2018-nji ýylyň dekabrynda 82 kilometr belentlige çykyp, synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrypdy.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler