DÜNÝÄ

Koronowirusyň Ýewropadaky merkezi rahatlaýar  

Angliýada koronowirusa ýolukmak ýanwar aýyna garanyňdan 3/2 esse azaldy. Ýerli bilermenler ýurtda köçä çykmak boýunça çäklendirmeleriň girizilmegi täze keselleýänleriň sanyny görnetin azaldandygyny aýdýarlar.

Has takygy, Londonyň Imperial kolležiniň geçiren barlaglaryna görä, soňky bir aýyň içinde ýurtda koronowirusa ýolukmak bilen bagly ýagdaýlar 80 göterime çenli azaldy. Mysal üçin, 4 ― 13-nji fewral aralygynda Angliýada geçirilen her 200 barlagdan diňe ýekeje adamda koronowirusyň bardygy ýüze çykaryldy. Bu derejä mundan ozal diňe geçen ýylyň sentýabrynda ýetilipdi.

Şeýle hem bilermenleriň duş geldik 85 müň barlagda geçiren seljermelerine görä, adamlaryň aralygy saklamagy we çäklendirmele boýun bolmagy gowy netijeleri getirdi. Ýöne keseliň ýaýrama howpy heniz hem kiçi däl.

Ýurtda 16 milliondan gowrak adama koronowirus sanjymynyň ilkinji dozasy uruldy. Kesellemek bilen bagly ýagdaýlaryň azalmagy ýurtda käbir çäklendirmeleriň ýatyrylmagyna bolan umytlary hem artdyrdy. Ýöne Premýer-ministr Boris Jonson munuň üçin ýene biraz sabyr etmeli boljakdygyny aýdýar.

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Ýene-de okaň

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen geçiren duşuşyklary

Türkmenistanyň ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri