JEMGYÝET

Koronawirus pandemiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady  ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise şonuň ýaly-da Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň hem-de Yslam ösüş bankynyň Türkmenistandaky bilermenleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda koronawirusynyň täze görnüşiniň pandemiýasy zerarly ýüze çykan global çökgünligiň ýurduň kiçi we orta telekeçilik ulgamyna, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, şeýle-de JIÖ-niň ösüşi, fiskal we söwda balansy ýaly makroykdysady görkezijilerine ýetirýän täsiriniň seljermesi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Şeýle-de duşuşykda bilermenler BMG-niň ýurt boýunça toparynyň hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gatnaşmagynda taýýarlanylan Merkezi Aziýa sebitinde pandemiýanyň mümkingadar durmuş-ykdysady täsiriniň içerki seljermesiniň esasy netijeleri barada hem gürrüň etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri