DÜNÝÄ

Koronawirus barada film

ABŞ-nyň “HBO” kompaniýasynyň hem-de režissýor Adam Makkeýiň hyzmatdaşlygynda koronawirus barada gysga göwrümli köp serialy film surata düşüriler. Bu filmde täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň sanjymynyň döredilmegi babatdaky geçirilýän işler açylyp görkeziler. Şeýle hem bu film hakyky maglumatlar esasynda düşüriler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirusy ýokanjyny pandemiýa hökmünde yglan etdi. Dünýäde adamlary uly howp salýan ýokanja garşy dürli öňüni alyş çärelerine geçirmäge iterdi. Şonuň netijesinde kinoteatrlar, restoranlar ýapyldy. Kino industriýasy hem öz işini saklady.häzirki wagtda ýurtlar kem-kemden çäklendirmeleri ýatyryp, adamlaryň ýokanja garşy göreşmek babatda gündelik işleri nähili dowam etdirmegi barada degişli düşündirmek işlerini geçirýär.

“Covid-19” sanjymynyň uly umyt bilen bazara çykarylmagyna garaşylýan döwründe, Golliwudyň iň zehinli kinorežissýorlaryndan Adam Makkeý sanjym işini ekranlara çykarmaga taýýarlyk görýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi