DÜNÝÄ

Koreý kompaniýalary Arkadag şäherine uly gyzyklanma bildirýär

Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Kaň Jae Kwon bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşdy. Şunda, diplomatlar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.

Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we olaryň ähmiýeti hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, hormatly Akradagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Seul şäherine bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine taraplar syn berdiler.

Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu ugurda meýilleşdirilen taslamalar, şol sanda, Arkadag şäheriniň taslamalarynda Koreýanyň iri kompaniýalary işlemäge gyzyklanma bildirýär diýip ministriň orunbasary Kaň Jae Kwon nygtady.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar şu ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär