JEMGYÝET

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça iş maslahaty

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň elektron ulgamyny kemala getirmek we milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini degişli derejede üýtgedip guramak boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu maksatlar bilen, kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. Golaýda deputatlar Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda beýleki täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň hatarynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny makulladylar we kabul etdiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tabşyrmagy boýunça «Bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan habar beriş ulgamy görnüşinde bolan döwlet hyzmatlarynyň bir bitewi internet portaly döredildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Diýarymyzyň programma üpjünçiliklerine hem-de innowasion-oýlap tapyş işlerine degişli işläp taýýarlamalaryň höweslendirilmelerini ýüze çykarmak maksady bilen bolsa, saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, «akylly» şäher ýaly ugurlar boýunça innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Metbugat merkezinde sanly neşir üçin ýöriteleşdirilen poligrafiýa programmalary hem-de häzirki zaman çözgütleri ulanylýar. Şolar işiň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Agentlik tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde saýlama ýaryşyň ugurlary boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýar bolan ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki taraplary gatnaşyp biler. Bäsleşigiň netijeleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň geçirilýän günlerinde jemleniler.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Mundan başga-da, milli Liderimiz elektron gazetleriň kagyz görnüşindäkiden tapawutlylykda, maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi — elektron gazetleriň üsti bilen gözleýän zadyňy tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa ýa-da elektron we internet serişdelerine geçmek mümkin. Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem neşirleriň elektron görnüşine geçmek bilen baglylykda, redaksiýalaryň gurluşyny üýtgetmek meseleleriniň üstünde işlemegi, elektron gazetlerden we žurnallardan peýdalanmak üçin bellenilýän tölegleri kesgitlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli sanly ulgama geçmegi, aýratyn hem, bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri