Paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Şu gezekki dabara baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada ildeşlerimiziň ýüzlerçesi mynasyp boldy. Bu at eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlykly täze öýleriň açarlarynyň eýeleri boldular. Olar Aşgabat şäheriniň Berkararlyk we Büzmeýin etraplarynda şu gün açylyp ulanmaga berlen jaýlarda uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar. Şu gün köp çagaly maşgalalara Arkadag şäherinde gurlan jaýlaryň açarlarynyň gowşurylandygyny hem bellemek gerek.
